Dil hakyndaky ylmyň öwrenýän meselesi we wezipeleri
Dil hakyndaky ylmyň öwrenýän meseleleri we wezipeleri Dil bilimi dili jemgyýetçilik hadysalarynyň aýratyn bir görnüşi hökmünde ylmy nukdaýnazardan ählitaraplaýyn öwrenýär. Diliň aragatnaşyk serişdesi hökmündäki ähmiýeti jemgyýetiň ösmeginde has hem uludyr?
Dil adamyň aňy bilen özara baglanyşyklydyr, sebäbi aňladylýan düşünjeleri diňe söz bilen düşündirip bolýar.
Elbetde, adamyň özi hem aňsyz ýaşap bilmez, diňe aň adamy haýwanlardan düýpli tapawutlandyrýan iň esasy zatdyr. Şeýlelikde, dil adamyň ýaşaýşynyň, ömrüniň dowam etmeginiň esasy şertleriniň biridir.
Dil - munuň özi dil biliminiň öwrenýän wajyp meselesi bolup, örän çylşyrymly köp taraplaýyn hadysa hökmünde jemgyýetiň we tebigatyň birnäçe beýleki hadysalary bilen hem ýakyndan baglanyşyklydyr. Yer ýüzündäki dilleriň sany boýunça dürli çaklamalar öňe sürülýär. Dilçi alymlaryň aýtmaklaryna görä dilleriň sany 2500-den 5000-e çenlidiri Dünýädäki dilleriň takyk sanyny aýtmak mümkin ЗШШг, sebäbi “dil”, “şiwe” düşünjelerini biri- -birinden tapawutlandyrmak, aýyl-saýyl etmek hem kyn meseleleriň biridir. Eger-de dünýäniň ähli dili üçin mahsus bolan käbir umumy alamatlary hasap etmeseň, dilleriň köpüsi özleriniň gurluşlary taýyndan düýpli tapawutlanýar, olary öwrenmek üçin aýratyn ylmy-barlag işlerini alyp barmak zerur bolýar.v'Geçen asyryň 90-njy ýyllaryna çenli berlen maglumatlara görä, hytaý dili 16 gepleýän adamlarynyň sany boýunça birinji ýerde durýar, 1 milliarddan hem köp adam ony öz ene dili hasap edýär, 300 milliondan hem köp adam iňlis dilini öz ene dili diýip hasap etse, 280 million-ispan, 215 million-rus, 200 million hindi-urdu, 200 million-indoneziýa, 150 million- arap, 150 million-portugal, 145 million-bengal, 115 million ýapon, 103 million-nemes, 68 million-fransuz dillerini öz ene dili diýip hasap edýärj' Dünýä dilleriniň ähmiýetini şol dilleri resmi döwlet dili diýip hasap edýän ýurtlaryň sany bilen hem kesgitläp bolar. Şu nukdaýnazardan iňlis dili iň köp ýaýran dildir: 63 ýurtda iňlis dili resmi döwlet dili bolup durýar, fransuz dili-34, ispan dili-23, arap dili-22, nemes dili-7 ýurtda resmi dil hasaplanylýar.
Şeýle diller beýleki dillerden tapawutlylykda halkara dilleri hökmünde kabul edilýär^ Halkara dilleri dürli döwletleriň halklarynyň özara aragatnaşyk, düşünişmeklik serişdesi bolup hyzmat edýär. Bu düşünje has düşnükli bolar ýaly, onuň taryhyna ser salmak ýeterlikdir, orta asyrlarda, meselem, Uzak Gündogar halklary üçin hytaý diliniň iýeroglifler görnüşi şeýle dil bolup hyzmat eden bolsa, dürli döwürlerde şumer, arameý dilleri Aziýanyň gadymy döwletlerinde hem uly ähmiýete eýe bolupdyr. Latyn dili dünýä ýaň salan Rim imperiýasynyň döwlet dili bolupdyr. Ýakyn Gündogarda orta asyrlarda arap, pars, slawýan döwletlerinde bolsa gadymy slawýan dilleri giňden ulanylypdyr. Biziň häzirki zaman döwrümizde halkara gatnaşyklarynyň has giň gerim almagy, ykdysady-söwda gatnaşyklarynyň ösmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaýramagy netijesinde halkara dil bolmak derejesi tä&er ö^üşginlere eýe bolýar. Şu nukdäýn^z^rdan aýjý-ajjry diller dürli halkara Sargyt N"^21^3 -2 17 guramalarynyň resmi ýa-da iş dilleri diýlip ykrar edildi.
Meselem, Birleşen Milletler Guramasynyň resmi we iş ýöredýän dilleri hökmünde iňlis, arap, ispan, hytaý, rus, fransuz dilleri kabul edildi.
Ispan dili roman dilleriniň iň bellileriniň biri bolmak bilen, Ispaniýada we Latyn Amerikasynyň 19 ýurdunda resmi döwlet dili hökmünde ulanylýar.
Musulman dünýäsinde meşhur bolan arap dili semit dilleri maşgalasyndan bolmak bilen, Yrakda, Siriýada, Liwanda, Ysraýylda, Iordaniýada, Kuweýtde, Liwiýada, Tunisde, Alžirde, Marokkada, Mawritaniýada, Günbatar Saharada, Somalide, Çadda resmi döwlet dili derejesinde ulanylýar.
Slawýan dilleriniň iň esasylarynyň biri bolan rus dili hem dünýäde giňden ýaýran dilleriň biridir. Russiýa Federasiýasynda rus dili milletara aragatnaşyk dili hökmünde hem uly ähmiýete eýedir. Häzir Russiýada ýaşaýan ähli milletler we halkyýetler özara gatnaşyklarynyň iň möhüm serişdesi hökmünde rus dilini ulanýarlar.
Ylmy nukdaýnazardan dilleriň hindi-ýewropa diller maşgalasy beýleki maşgalalara garanyňda düýpli öwrenilen dillere degişlidir. Käbir dilleriň, meselem, grek, hytaý ýa-da türkmen diliniň müňlerçe ýyllyk edebi däpleri bar. Aranta, nikobar, ýagnob dilleriniň bolsa, häzire çenli hatda ýazuwy hem döredilmändir. 01 diller diňe sözleýiş, aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanylýar.
ДаЫг dilleriň, meselem, nenes ýa-da tuwa dilleriniň ýazuwy diňe XX asyrda döredildi.vGadymy edebi-ýazuw däpleri bar bolan diller gadymy ýazuwly diller, ýazuwy soň dörän diller bolsa ýaş ýazuwly diller diýlip atlandyrylýar. Bislam ýa-da neosolomon ýaly birentek 18 (1111<ч- (liňe ýazuwýadygärliklerindenbellibolan, müňlerçe ýyl mimdan öň ulanylan şumer diline garanyňda has soň ýlV/,(? çykandyr.
flanly gepleşikde ulanylmadan galan diller öü diller liasaplanylýar, häzir gepleşikde peýdalanylyp ýörlen diller bolsa janly diller diýlip atlandyrylýar.
Diinýädäki dilleriň bir topary, meselem, türkmen we azerbaýjan dilleri, rus hem-de belarus dilleri biri-birine ürlln meňzeşdir. 01 diller asylynda bir kökden gaýdýan dlllerdir. Meselem, türkmen, azerbaýjan, türk dilleriniň a«yl köki birdir.
$11 nukdaýnazardan diller kowumdaş we kowumdaş illll diller toparyna bölünýär.
'IMIrki dilleriii iň gadymysy bolan türkmen dilini beýlekl türkl dllleri bilen deneşdireniňde birnäçe üzlmlmdy nýratynlyklar ýiize çykýar. Meselem, dişara • M», •’/-• HeHleriniň bolmagy, çekimli sesleriň uzyn we gyHga aýdylmagynyň sözleriň manylarynyň tapawutlandyrylmagyna täsir etmegi, dodak çekinilileriň sazlaşyklylygynyň saklanmagy, dilimizihas glň ýaýran dilleriň gurluş ulgamlary bilendeneşdirmäge iiiümklnçlllk berýllr.
1)11 blllml beýleki ylymlardan düýbünden üzňe däldir.
HIkoI ýa-da beýleki dili üwrenenimizde hökmany suratda şol dilde gepllln halkyň taryhyna ýüzlenmeli bolýarys, fonetikanyň meseleleri bilen iş salşanymyzda bolsa akustikanyň (fizikanyň bölümi) we gepleýiş fiziologiýasynyň (lukmançylyk) maglumatlaryny peýdalanýarys.
Terjimäniň maşyn ulgamy döredilende informatika we dil bilimi ylymlary öz güýçlerini birikdirýärler.
Haýsydyr bir dili öwrenmekden alnan maglumatlar matematiki taýdan gaýtadan işlemäge sezewar edilip 19 bilner. Dilleri barlamakda matematiki usullary peýdalanmak bilen baglanyşykly bolan dil biliminiň bölümi matematiki lingwistika diýlip atlandyrylýar.
Biz ^aýsydyr bir dili öwrenmek bilen meşgullananymyzda mydama şol dilde ýazylan tekstlere ýüzlenmeli bolýarys. Ýöne, ol ýa-da beýleki tekstde şöhlelenmesini tapýan dil hadysalaryny dogry hasaba almak üçin şol tekstiň haçan, kim tarapyndan, nähili ýagdaýda döredilendigini, onuň haýsy žanra degişlidigini, nähili diňleýjilere niýetlenilendigini kesgitlemeli bolýarys.
Bu meseleler bilen bolsa, dil we edebiýat ylmynyň dil bilimi bilen bilelikdäki beýleki şahasy edebiýaty öwreniş ylmy meşgullanýar.
Dil bilimi birnäçe gatlakdan ybarat bolup, ol gatlaklaryň her haýsy diliň aýratyn meselelerini öwredýär.
Dil biliminiň esasy öwrenýän predmeti dildir. Dil näme? 01 agaç, kagyz, el, aýak ýaly gözümize anyk görnüp duran zat däldir, dili ýerinden gozgap, ölçäp, agramyny çekip bolmaýar.
Dil ot, ýagtylyk, ýagyş ýaly tebigy hadysa hem.
däldir.
Ýöne, dil diňe adamzat jemgyýetinde ýaşaýar, oduň, ýagtylygyň, ýagşyň dowamlylygy üçin bolsa, adamyň asla zerurlygy ýokdur. Häzirki zaman ylmy dili belgileriň ulgamy hökmünde kesgitleýär. Şunda dildäki ähli belgiler iki sany uly topara bölünýär. N Birinji topara “jaý”, “adam”, “ýel” ýaly doly manyly sözler degişlidir. Olar biziň daş-töweregimizi gurşap alýan zatlary we hadysalary aňladýar. Meselem, 20 •■Jný" Hözi adamlaryň ýaşamak ýa-da haýsydyr bir /.iitlary saklamak üçin guran binasyny aňladýar, “adam” aözl bolsa, aňly-düşünjeli, geplemek başarnygy bolan Jandaryň adydyr, “ýel” sözi howanyň tekizlik boýunça liereket etmegidir.
Belgileriň ikinji toparyna ownuk bölekler, baglaýjy kömekçiler, goşulmalar we şulara meňzeşler degişli.
Birinji topardaky belgilerden tapawutlylykda, olar daşky dünýädäki bar bolan zatlary, hadysalary aiilntmaga ukyply däldir. Hakykatda, türkmen dilindäki "ti” sözara goşulmasy, rus dilindäki “k” predlogy ýa-da nemes dilindäki “der” artikli nämäni aňladýar? Bu HÖzleriň arnssa gullukçylyk hyzmaty bardyr. Olarbirinji topara girýlln bolgiloriii arasyndaky baglanyşygy aiilatmak öçln poýdalanýar. Meselem, “u” türkmen d 11111 (IH k I I r 11 - g I ç söz ünde baglaýj ylyk hyzmatyny ýerine ýotlrýllr, "k" predlogy “öýe gitmek” (идти к дому) söz dözöminde “gitmek” hereketiniň ugruny, “öý” sözüne ngrukmasyny görkezýär. Nemes dilindäki “der” artikli aiirysynda at duran baş düşümindäki, birlik sandaky, (‘rkoklik jynsyny görkezýär.
Dil ulgamy köp gatly, ýa-da ylymda ulanylýan adalga laýyklykda köp derejeli gurluşa eýe. Diliň aşaky derejesi soslerde jemlenýär. Olar has ýokary dereje bolan morfemalary, sözleri we ş.m düzmek üçin serişde bolup hyzmat edýär. Dilde bu dereje fonetik dereje diýlip atlandyrylýar. Diliň indiki derejesinde morfemalar-kökler, goşulmalar we ş.m bar. Bu dereje morfologik dereje diýlip atlandyrylýar. Morfemalar fonetik derejeden tapawutlylykda ses bilen bilelikde many aýratynlygyna hem eýedir. Ýöne, olaryň manysy haçan-da morfemanyň sözüň düzüminde belli bir orun eýelän wagtynda ýüze 21 çykýar. Mysal üçin, “gelýär” sözüni alyp göreliň. Türkmen dilini bilýän islendik adam bu sözüň häzirki zaman işligidigini säginmän aýdyp biler. Muny sözüň soňundaky “-ýär” goşulmasy subut edýär. Şeýlelikde, sözüň soňundan -ýär goşulmasy goşulan bolsa, ol häzirki zaman işligidir diýip aýtmak mümkin. Ýöne, -ýär goşulmasy sözden aýrylanda nämäni aňladýar? Hiç zady! “Men ýär bilen geldim”, “Saňa ýär gerekmi?” diýip aýdyp bolmaýar.
Diliň üçünji derejesi leksiki derejedir. Bu derejede sözler ýerleşýär. Sözleriň morfemalardan tapawudy, olar mana eýe bolmaklaryndan başga-da, gepleşikde özbaşdak ulanylýar, sözlem agzasy hem bolup bilýär. Sözleriň esasy hyzmaty daşky dünýäni gurşap alýan zatlaryň, hadysalaryň atlaryny aňlatmakdyr.
Diliň indiki derejesi sintaktik dereje atlandyrylýar.
Bu derejäniň birligi sözlemlerdir. Sözlemler haýsydyr bir pikiri başga birine, ýa-da başgalara geçirmek üçin peýdalanylýar. Şu ýerde bellenilmeli zat, kiçi derejäniň birlikleriniň uly derejedäki birlikleri döretmekde serişde bolup durýanlygydyr. Seslerden morfemalar düzülýär, morfemalardan sözler gurulýar, sözler hem öz gezeginde sözlemleri emele getirýärler.
Dildäki dereje näçe ýokary bolsa, onda şonça-da köp mukdardaky birlik ýerleşýär. Derejeleriň içinde iň az “ilatlysy” fonetik gatdyr. Dildäki sesleriň sany dünýäniň hiç bir dilinde onlarçadan ýokary bolmaýar.
Morfemalaryň sany eýýäm müňlerçe bilen sanalýar, sözleriň sany bolsa onlarça, ýüzlerçe müňdür. 01 ýa-da beýleki diliň sözlemleri hakynda gürrüň edilende olary sanamak mümkin däldir.
Soňky ýyllarda dil biliminde dünýä dilleriniň özboluşly toplumynda ýa-da käbir dilleri özünde birleşdirýän toparlarda ýüze çykýan alamatlary ylmy 22 nnkdaýnazardan öwrenmek meselesi öňe sürülýär.
Illlzirki günlerde, döwrüň dil biliminiň esasy moHideleriniň öwrenilýän pursatynda Demirgazyk we (III norta Amerikanyň, Günorta-Gündogar we Aziýanyň, Uzak Demirgazygyň dürli dillerine gözegçilik etmek, biri-birinden tapawutlanýan ulgamlary bolan dilleriň arasyndaky meňzeşlikleri we aýratynlyklary öwrenmeklik dilçileri özüne çekýär.
Dilleri şu nukdaýnazardan barlamak, olary ii Igamlarynyň aýratyn bölümleri boýunça (leiuişdirmek (meselem, işlikleri, çalyşmalary, jyns kat(»goriýalary häsiýetlendirmek) hem-de şu babatda dllrli ulgamly dillerden mysallary ulanmak, dünýä dlllerindäki katogoriýalaryň meňzeşligini ýa-da aýratynlygyny ýllze çykarinaga, käbir dilleri has IItn 11 iiiy bolan alamatlar boýunça toparlara bölmäge mllmklnçlllk berýär.
* Dllnýll dilleriniň arasyndaky umumylyklar 2 hili bolýnr:
1 .Ähli dillere mahsus bolan umumylyklar:
(dillerde sesler, sözler, sözlemler, atlar, işlikler bar;
lienime diller aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýllr, lllili dill(H- şol dilde gepleýän halkyň taryhy bllen baglanyşykly);
2.Köp dillore maliHiis bolan umumylyklar: (dilleriň köpllsinde işlikler zamanda, atlar düşümde llýtgeýärler; çalyşmalar birlik we köplük sanda gelýärler; birtopar dillerde «jyns» diýen düşünje bolýar we ş.m.jf j Dil umumylyklary bir tarapdan dilleriň görnüşlerini öwrenmek bilen bagly bolsa, beýleki tarapdan ol dilleriň iň wajyp häsiýetlerini ýüze çykarmaga kömek edýär.
23 Amerikan dilçisi J.Hokket dillerdäki umumylyklara aşakdakylary hem goşýar :
1.Her bir adamzat jemgyýetiniň öz dili bardyr.
2.Her adamzat diliniň öz däpleri bardyr.
3.1slendik dilde has atlar bolýar.
Angliýaly alym J.Laýonz özüniň «Grammatika» diýen işinde (1966) atlary (isimleri), habary (predikatlary) we sözlemi dilleriň umumylyklary diýip kabul edýär. J.Grinberg şeýle umumylyklaryň 45 sanysyny agzap geçse, J.Fillmor has çuň grammatiki gurluşlaryň we düşümleriň 21-sini mysal getirýär.
S.Uillman sinhron we diahron umumylyklaryny tapawutlandyrýar.
Dilleriň umumylyklary öwrenilende esasy üns berilmeli meseleleriň biri hem her bir diliň gurluşyndaky özboluşlyklar boýunça beýleki dillerden tapawutlanmagydyr.
“Dil bilimine giriş” dersiniň esasy wezipesine, umuman, adamzadyň diliniň ses ulgamyny, sözlük düzümini, grammatiki gurluşyny, sesleriň üýtgeýşini, sözleriň many tarapdan tapawutlandyrylyşyny, ýazuwyň görnüşlerini, gelip çykyşyny we ş.m öwrenmek, dildäki kanunlaryň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ilkinji maglumatlar barada düşünje bermek degişlidir. Bu maglumatlara esasan:
- dil we gepleýiş dili, - edebi dil, şiweler, dialektler, žargonlar, - fonetika, fonologiýa, ses we fonema, - sesi öwrenmegiň ýollary, - sesleriň toparlara bölünmegi, - fonemalaryň häsiýetleri, - bogun, basym, ses gezekleşmeleri, - intonasiýa, takt, fraza, 24 - söz, köp we bir manyly söz, - garşydaş manyly sözler, omonimler, - leksikologiýa, onuň bölümleri, - frazeologiýa, durnukly söz düzümleri, - grammatika, morfologiýa, sintaksis, - morfema, affiks, suffiks, prefiks, - taryhy dil bilimi, diliň kanunlary, - dilleriň toparlara bolünmekleri, - hat, yazuw görnüşleri ýaly düşünjeler degişli bolýar.
Dil bilimi dilleri ylmy nukdaýnazardan öwrenmek babatda 2 topara bölünýär:
1. Hususy dil bilimi -bellibir dili, meselem, türkmen dilini ýa-da nemes dilini beýan ediji (sinhron) we taryhy (diahron) derňew usullarynyň kömegi bilen öwrenýär.
2. Umumy dil bilimi bolsa, adamzadyň aragatnaşyk serişdesi bolan dile mahsus - umumy aýratynlyklary derňemek bilen meşgul bolýar. Meselem, dürli gurluşly diller bolan türkmen, iňlis, rus, arap, pars we beýleki dilleriniň ählisini bir umumy alamat özünde birleşdirýär, olaryň hemmesi jemgyýetde aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär.
Umumy dil bilimi üçin iň möhüm meseleleriň biri diliň tebigatyny kesgitlemekdir. Ýagny, dil jemgyýetçilik hadysasyna degişlimi ýa-da biologik, fiziki, psihiki hadysamy? Meselem, ýol belgileriniň, Morze elipbiýiniň, lallar üçin düşnükli bolan elleriň kömegi bilen aňladylýan diliň adamzadyň umumy ulanýan dilinden nähili tapawudy bar?
Umumy dil biliminiň ikinji esasy meselesi diliň gurluşyny öwrenmek bilen baglydyr, ýagny:
diliň ses ulgamy nämeden ybarat, ses, fonema, sözlük düzümi , diliň grammatiki gurluşy, söz toparlary, sözlem agzalary näme? Üçünji mesele 25 diliň ulgamyny, ony emele getirýän bölekleriň arabaglanyşygyny öwrenmek bilen baglan- şyklydyr. Sebäbi, diliň her bir gatlagy - sesler, sözler, sözlemler, söz toparlary özara ýakyndan baglanyşykly bolan ulgam görnüşinde ulanylýar.
Diliň ösmeginiň içki kanunlary edebi dil, şiweler, durmuşda hünär bilen baglanyşykly ulanylýan sözleri nähili emele gelýär? Sözleýiş (gepleýiş) nähili döreýär? Bu mesele bilen hatyň (ýazuwyň) döremegi we ösmegi meselesi hem ýakyndan baglanyşyklydyr.
Umumy dil biliminiň öwrenýän meselelerine başga- -dä birnäçe aýratynlyklar girýär:
-dilleriň gelip çykyşy we morfemalaryň görnüşi boýunça toparlara bölünmegi;
-dilleri öwrenmegiň, derňemegiň usullary;
-dil baradaky ylmy bilimleri, amaly meseleleri çözmekde ulanmak (maşynlaryň kömegi bilen terjime etmek);
-dil biliminiň beýleki ylymlar bilen gatnaşygyny öwrenmek we ş.m;
Şeýlelikde, umumy dil bilimi birtopar ýa-da aýry-aýry diller üçin häsiýetli bolan aýratynlyklary anyklamagy öz öňünde wezipe edip goýýar.
3 Dil näme? Dünýädäki dilleri biz, meselem, türkmen, iňlis, nemes, arap, pars, türk ýa-da fransuz dili hökmünde göz oňüne getirip bileris.Ýöne şol agzalan dilleriň özi nämeden ybarat? Dil onda gürleýän adamlaryň aňynda emele gelýän pikirlenme bilen bagly bolýar. Ýöne, dil nesilden-nesle geçmeýär. Adam dili soň öwrenýär, diliň öwrenilmegini adamy gurşap alýan jemgyýet talap edýär. Eger-de adam öz öwrenen 26 dilinden köp wagtlap peýdalanmasa, onda gürlemese, dil ýatdan çykýar. Dil diňe sözleýişde öz beýanyny tapýar, ösýär. Ylmy nukdaýnazardan diliň birnäçe kesgitlemesi berilýär:
1.Dil adamlaryň iň möhüm aragatnaşyk serişdesi, pikirleriň, duýgularyň, islegleriň aňladylmagynda ähmiýeti bolan fonetiki, leksiki we grammatiki serişdeleriň ulgamydyr. Diliň ýaşamagy adamzat jemgyýeti bilen baglydyr. Dil we aň bitewi bolmak bilen, biri-birinden aýry bolup bilmeýär.
2.Dil-sözleýişiň bir görnüşi bolup, stilistik alamatlar bilen hasiýetlendirilýär.
3.Dil belgiler ulgamydyr.
4.Dil hakykat ýüzünde bar bolan belgiler ulgamy bolmak bilen belli bir giňişlikdäki ýaşaýan şahslar tarapyndan ulanylýar.
ö.Dil iň bir özboluşly semiologik ulgam bolup, adamlaryň arasynda aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär, şol adamlar üçin bu ulgam aňy, pikirlenmäni ösdürýän serişdedir hem-de ol medeni, taryhy däp- -dessurlary, adatlary, habarlary nesilden-nesle geçirýär.
£Dil adamlar tarapyndan birnäçe görnüşde ulanylýar: dialekt (şiwe) - diliň ýerli ýa-da durmuşy babatdan tapawutlanýan görnüşidir.
Her bir adam öz gepleýän dilini ulananda sözleýiş ýüze çykýar, ýagny diliň bir adama mahsus bolan ulanylmasy peýda bolýar. Adamlaryň gepleýiş usuly, ukyby, sözläp hem diňläp bilmegi deň bolmaýar. Şonuň üçin dilçi alymlar «dil» we «sözleýiş dili» düşünjelerini biri-birinden tapawutlandyrýarlar.
Ilkinji bolup bu hadysalaryň özara arabaglanyşygyny şweýsar alymy Ferdinand de Sossýur açdy. Dil we sözleýiş birnäçe esas boýunça tapawutlanýar:
27 - aragatnaşyk serişdeleriniň ulgamy;
- şol ulgamyň ulanylmagy;
- dil birlikleriniň ulgamy-gepleýişde olaryň yzygiderli ulanylmagy;
- umumylyk - aýratynlyk;
- hyýalda aňlatmak - takyk aňlatmak;
- hökmany zät - tötänleýin zat.
Sözleýiş dil üsti bilen amala aşyrylanda hem geplemek hem-de diňlemek ýüze çykýar, ýagny ilki bilen sözlenilýär, soň şol söz diňleýji tarapyndan kabul edilýär we aýdylan zatlara düşünilýär. Diliň ulgamynda bolsa, onuň birlikleri grammatiki kadalara laýyklykda ulanylýar. Dil diňe sözleýşiň üsti bilen amala aşyrylýar.
Sözleýişde tekst döreýär. Tekst ýazylan ýa-da ýazylmadyk, uzynlygy ýa-da gysgalygy dürli hili bolan, aňda öz beýanyny tapan «sözleýiş eseridir». Ferdinand de Sossýur dili «la langue», sözleýişi «la parole» adalgalary bilen aňladýar.'